Türkmenistan FIFA-nyň täzelenen reýtinginde öňki ornuny saklap galdy

16.02.2024, 20:5117,286

15-nji fewralda FIFA-nyň reýtinginiň 2024-nji ýylda ilkinji täzelenmesi boldy. Şeýlelikde, reýtingiň ilkinji onlugynda hiç hili üýtgeşme ýok.

Täzelenen reýtingde Türkmenistan 1078 utuk bilen 141-nji ornuny saklap galdy. Reýting FIFA-nyň resmi saýtynda hödürlenýär.
2024-nji ýylyň 15-nji fewralyndaky ýagdaýa görä FIFA-nyň reýtinginiň ilkinji onlugy şeýle görnüşde:

  1. Argentina;
  2. Fransiýa;
  3. Angliýa;
  4. Belgiýa;
  5. Braziliýa;
  6. Niderlandlar;
  7. Portugaliýa;
  8. Ispaniýa;
  9. Italiýa
  10. Horwatiýa.
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.