«Awtomobil ulag hyzmaty» kiçi awtobus we ýeňil taksi sürüjilerini işe kabul edýär

03.05.2024, 12:16189,340
1 / 6

«Awtomobil ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti kiçi göwrümli awtobuslaryň hem-de ýeňil taksi awtoulaglarynyň sürüjilerini işe çagyrýar.

Hususan-da,

  • "BC" topara degişli sürüjilik şahadatnamasy we sürüjilik tejribesi bolan sürüjileri "Toyota Corolla" kysymly ýeňil taksi awtoulaglaryna;
  • "D" topara degişli sürüjilik şahadatnamasy we sürüjilik tejribesi bolan sürüjileri "Toyota Coaster" we "Toyota Hiace" kysymly kiçi göwrümli awtobuslara sürüji hökmünde işe kabul edýär.

Şeýle hem «Awtomobil ulag hyzmaty» AGPJ edara-kärhanalara, hojalyk jemgyýetlerine, hususy kärhanalara we islendik raýatlara döwrebap awtobuslary, kiçi göwrümli awtobuslary hem-de ýeňil taksi awtoulaglaryny sagatlaýyn sargyt etmek hyzmatlarynyň barydygyny ýatladýar.

Salgysy: Aşgabat ş., Çoganly ýaşaýyş toplumy, Atamyrat Nyýazow şaýolynyň 422-nji jaýy, Halkara Awtomenzil.
Telefonlar:
44-35-38;
44-35-20;
+99361493495.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.