Serdar Berdimuhamedow Gazagystanyň Premýer-ministri Olžas Bektenowy kabul etdi

24.05.2024, 21:466,211

24-nji maýda Prezident Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Olžas Bektenowy kabul etdi.

Serdar Berdimuhamedow Gazagystanyň Premýer-ministriniň ýurdumyza ilkinji saparynyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň geňeşiniň mejlisiniň çäklerinde geçýändigini belledi.
Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutany hem-de Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri dostlugyň we hoşniýetli goňşuçylygyň berk binýadyna esaslanýan we uzakmöhletleýin hem-de strategik häsiýete eýe bolan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň meseleleriniň giň gerimini ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmenistanyň söwda-ykdysady gatnaşyklary  ugurlaryň giň gerimi boýunça ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigine aýratyn üns çekildi.
Ulag-logistika ulgamy hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň hatarynda bellenildi. Türkmenistanyň we Gazagystanyň geografik taýdan amatly ýerleşmegi bu ugurda bilelikdäki geljegi uly taslamalary durmuşa geçirmek üçin giň mümkinçilikleri döredýär.
Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri ýakynda Aşgabatda açylan täze “Magtymguly Pyragy” medeni-seýilgäh toplumy barada aýtmak bilen, ol ýerde meşhur gazak halk sazandasy we kompozitory Kurmangazy Sagyrbaýulynyň ýadygärliginiň ýerleşdirilmeginiň halklarymyzyň dost-doganlygynyň, şeýle hem okgunly ösýän medeni gatnaşyklaryň aýdyň nyşany bolup durýandygyny belledi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.