Ridli Skott täze serial bilen “Keseki” franşizasynyň älemine gaýdyp gelýär

26.05.2024, 20:432,858

“Keseki” (“Чужой”) we “Tygyň ýüzünden ylgap barýan” (“Бегущий по лезвию”) kult filmleriniň döreden Ridli Skott ksenomorf äleminde täze serialy döretmegiň üstünde işleýär. Bu barada Golliwudyň insaýderi Deniel Rihtman habar berýär.

Taslamanyň jikme-jiklikleri entek aýan edilmedi. Diňe Skottuň režissýor hökmünde çykyş etjekdigini bilýäris we serialyň sýužeti 2024-nji ýylyň awgust aýynda çykjak “Keseki: Romul” (“Чужой: Ромул”) filmi bilen galtaşmaz.
Skottuň “Keseki” franşizasyndaky iň soňky işi 2017-nji ýylda çykan “Keseki: Wesýet” boldy. Film dürli hili seslenmeleri aldy: Rotten Tomatoes sanawynda 334 syn esasynda ortaça 10-dan 6.3 bal bilen 66%, , Metacritic bolsa 52 syn esasynda 100-den 65 bal berdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.