1-nji ýanwardan Türkmenistanda zähmet haklary 10 göterim ýokarlandyrylar

12.07.2024, 21:1518,124

Prezident Serdar Berdimuhamedow 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan edara-kärhanalaryň işgärleriniň zähmet haklaryny, raýatlaryň pensiýalaryny hem-de döwlet kömek pullaryny, talyp we diňleýji haklaryny 10 göterim ýokarlandyrmak baradaky Permana gol çekdi.

Döwlet Baştutany degişli resminama 12-nji iýulda geçirilen giňişleýin Hökümet mejlisinde gol çekdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.