Daşkentde Türkmen-Özbek işewürlik geňeşiniň dördünji mejlisi geçirildi

16.07.2024, 11:422,095
1 / 2

15-nji iýulda Daşkent şäherinde Türkmen-Özbek işewürlik geňeşiniň dördünji mejlisi geçirildi.

Mejlisde türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy M.Gurdow, özbek tarapyna Özbegistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygynyň orunbasary D.Rasulow ýolbaşçylyk etdi.
Mejlisiň dowamynda taraplar iki ýurduň söwda-ykdysady mümkinçiliklerini, hususan-da, energetika, ulag, logistika, oba hojalygy, derman senagaty we syýahatçylyk pudaklarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de, iki ýurduň Söwda-senagat edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmek meselelerine garaldy.
2023-nji ýylda iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygynyň möçberi 1 milliard dollardan geçdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.