Marvel Robert Dauni-kiçiniň gatnaşmagynda “Ar alyjylar: Dum güni” filmini anons etdi

29.07.2024, 19:053,083

Marvel Studios kompaniýasy Comic-Con-da kinoälemiň täze taslamalary, şol sanda 2026-njy we 2027-nji ýyllarda çykjak “Ar alyjylaryň” iki bölümi barada habar berdi. Režissýorlar hökmünde doganlar Entoni we Jo Russo çykyş eder, olar öň “Ar alyjylar: Bakylyk urşy” (Мстители: Война бесконечности) we “Ar alyjylar: Final” filmleriniň üstünde işlediler.

“Ar alyjylar: Dum güni” (ýa-da “Ahyrzaman”, asyl nusgasynda Doomsday”, iňlis dilinde söz oýnatmalary) filminiň sýužetiniň merkezinde doktor Dum bolar, onuň keşbini Demir adamyň roly bilen tanalýan Robert Dauni-kiçi ýerine ýetirer. Dauni 2027-nji ýylda “Ar alyjylaryň” gatnaşmagynda çykaryljak ikinji filmde, “Ar alyjylar: Gizlin uruşlarda-da” (Мстители: Секретные войны) peýda bolar.
Geljekki “Ar alyjylaryň” beýleki tassyklanan gatnaşyjylary 2025-nji ýylyň iýunynda çykjak “Fantastiki dörtlügiň” gahrymanlary bolar.
Täze filmiň surata düşürilişi 2024-nji ýylyň ahyrynda başlamaly. Sýužet barada giňişleýin maglumat berilmeýär, ýöne filmlerde Marvel kinoäleminiň täze we tanyş gahrymanlarynyň peýda bolmagyna garaşylýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.