Pagta ýygymy 18 ýaşyna ýetmedikleriň zähmetiniň ulanylmagyna ýol berilmeýän işleriň Sanawyna goşuldy

09.08.2024, 22:2822,464

Türkmenistanda 18 ýaşyna ýetmedik adamlaryň zähmetiniň ulanylmagyna ýol berilmeýän zyýanly we howply (aýratyn zyýanly we aýratyn howply) zähmet şertleri bolan işleriň, hünärleriň we wezipeleriň Sanawyna goşmaça girizildi.

Türkmenistanyň zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministriniň çykaran Buýrugyna laýyklykda, Sanawa "Pagta ýygymçy" we "Pagtaçy” wezipe birlikleri goşuldy.
Degişli resminama Türkmenistanyň Adalat ministrligi tarapyndan 2024-nji ýylyň 22-nji iýulynda döwlet belligine alyndy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.