Türkmenistanda mugallymlaryň arasynda elektron okuw toplumlarynyň bäsleşigi yglan edildi

12.08.2024, 00:133,646

Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilim edaralarynyň mugallymlarynyň, ylmy-pedagogik işgärleriniň we hünärmenleriniň arasynda "Elektron okuw toplumlarynyň bäsleşigini" yglan etdi. Bu barada ministrligiň saýtynda habar berilýär.

Bäsleşik 2024-nji ýylyň iýul-oktýabr aýlary aralygynda geçiriler.
Bäsleşik aşakdaky ders ugurlary boýunça  geçiriler:

  • tehnologiýa we ykdysadyýet;
  • ynsanperwer, medeniýet we sungat, saglyk we sport;
  • tebigy we takyk

Bäsleşigiň ýeňijileri (I, II, III orunlar) Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanan 1-nji, 2-nji, 3-nji derejeli diplomlar bilen sylaglanar.

Bäsleşigiň düzgünnamasy we goşundysy
Habarlaşmak üçin: 448488; 448606.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.