AFK-nyň Çempionlar ligasy ― 2-de «Altyn Asyr» futbol toparynyň garşydaşlary belli boldy

19.08.2024, 12:3713,391

Aşgabadyň «Altyn Asyr» futbol topary 2024/2025 möwsümde AFK-nyň Çempionlar ligasy ― 2-de öz meýdançasyndaky duşuşyklaryny "Köpetag" stadionynda geçirer. Bu barada Aziýanyň Futbol konfederasiýasy habar berýär.

AFK-nyň Çempionlar ligasy ― 2-niň toparlaýyn tapgyryna 32 topar gatnaşar. Olar Günbatar we Gündogar zolaklara paýlanan. "Altyn Asyr" Günbatar zolakda "B" toparda çykyş edýär.
«Altyn Asyr» FK yklym ýaryşyndaky ilkinji duşuşygyny 18-nji sentýabrda Yragyň «Eýr Fors» topary bilen geçirer. «Aragatnaşykçylar» bu topar bilen AFK-nyň kubogynyň 2018-nji ýyldaky finalynda hem duşuşypdylar.
AFK tarapyndan düzülen senenama laýyklykda, «Altyn Asyryň» janköýerleri toparyň täze ýaryşda Aşgabatda geçirjek ilkinji duşuşygyna 2-nji oktýabrda tomaşa edip bilerler. Şol gün Bahreýniň «Al-Haldiýa» topary türkmen paýtagtynda myhmançylykda bolar.
«Altyn Asyryň» yklym ýaryşyndaky duşuşyklarynyň doly senenamasy:

18.09.2024ý., I tapgyr: 
«Eýr Fors» (Yrak) ― «Altyn Asyr» (Türkmenistan);

02.10.2024ý., II tapgyr: 
«Altyn Asyr» (Türkmenistan) ― «Al-Haldiýa» (Bahreýn);

23.10.2024ý., III tapgyr: 
«Al-Taawun» (Saud Arabystany) ― «Altyn Asyr» (Türkmenistan)

06.11.2024ý., IV tapgyr: 
«Altyn Asyr» (Türkmenistan) ― «Al-Taawun» (Saud Arabystany);

27.11.2024ý., V tapgyr: 
«Altyn Asyr» (Türkmenistan) ― «Eýr Fors» (Yrak);

04.12.2024ý., VI tapgyr: 
«Al-Haldiýa» (Bahreýn) ― «Altyn Asyr» (Türkmenistan).

 Toparçalaýyn tapgyryň netijesinde her toparçadan iki wekil ýaryşyň 1/8 finalyna çykmaga hukuk gazanar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.