Serdar Berdimuhamedow Wýetnamy Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

02.09.2024, 03:461,494

Prezident Serdar Berdimuhamedow Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidenti, Wýetnamyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Baş sekretary jenap To Lama hem-de ýurduň ähli halkyna Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi diýip, TDH habar berýär.

Döwlet Baştutany mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident To Lama berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş, rowaçlyk arzuw etdi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.