Türkmenistanda harby gullukçylara hem-de işgärlere medallar we harby atlar dakyldy

28.09.2024, 12:2623,629

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk baýramy mynasybetli ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylarynyň hem-de işgärleriniň bir topary Türkmenistanyň medallary bilen sylaglanyldy. Şeýle hem, harby we ýörite atlar dakyldy hem-de hünär derejeleri berildi.  Degişli resminamalara Prezident Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Bu barada "Türkmenistan" gazetinde habar berilýär.

Bellenilişi ýaly, bu döwlet sylaglary harby gullukçylara gulluk borçlaryny göreldeli ýerine ýetirendigi, söweşjeň taýýarlykda ýokary görkezijileri gazanandygy, jemgyýetimizde kanunylygy, hukuk tertibini berkitmekde, asudalygy gorap saklamakda bitiren uly hyzmatlaryny göz öňünde tutup berildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.