Londondan Nýu-Ýorka 1 sagatda: Stargazer giperses uçary 7300 km/sag tizligi üpjün eder

13.10.2024, 17:4213,597

Venus Aerospace amerikan kompaniýasy awiasiýa gatnawlarynda rewolýusiýa getirip biljek Stargazer giperses uçaryny işläp taýýarlamak bilen meşgullanýar diýip, Daily Mail habar berýär.

Uçar sagatda 7300 km-den ýokary tizlige ýetip biler, bu hem London bilen Nýu-Ýorkuň arasyndaky aralygy bir sagadyň içinde geçmäge mümkinçilik berer.

Stargazer-iň esasy aýratynlyklary:

  • ·VDR2 giperses hereketlendirijisi: Uçar uçuş üçin reaktiw hereketlendirijileri ulanar, uçuşda bolsa ses böwedinden ýokary bolan VDR2 giperses hereketlendirijisine geçer.
  • ·Aerodinamiki forma: Uçaryň ýörite gurluşynyň netijesinde howa garşylygy azalýar, bu hem tizligiň ýokarlanmagyna ýardam edýär.
  • ·Döwrebap materiallar: Ýeňil we berk materiallar uçaryň agramyny azaldýar, bu hem tizligi ýokarlandyrýar. Şol bir wagtyň özünde ýolagçylar sazlanylýan mikroklimatly germetik korpus bilen artykmaç agramlardan goralar.
  • ·Rahat oturgyçlar: Ýokary tizlikde we agram düşmelerde bedeni goldamak üçin ýörite oturgyçlar işlenip taýýarlandy, olar uçuşyň dowamynda rahatlygy üpjün edýär.
  • ·Uçuşy dolandyryş ulgamlary: Döwrebap durnuklaşdyryş ulgamlary uçuşy birsydyrgyn we howpsuz etmäge mümkinçilik berýär.

Stargazer 33 500 metr belentlikde uçar, bu deňeşdiriljek beýleki bir meňzeş uçaryň – “Konkord” ýokary-ses ýolagçy uçarynyň iň ýokary belentliginden ep-esli ýokarydyr. Bu uçar 18 300 metre galyp bilýär.
Şeýle-de bolsa, Stargazer-iň ilkinji uçuşy ýakyn wagtda bolmaz, çünki VDR2 hereketlendirijisi heniz uçarmansyz enjamlarda synagdan geçirilýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.