Hytaýda ylmy gözlegler üçin magnit döredildi: ol Ýeriň magnit meýdanyndan 800 müň esse güýçli

30.10.2024, 11:265,209

Hytaýyň durnukly magnit meýdanynyň barlaghanasy (SHMFF) 42,02 Tesla dartgynlylyk güýji bolan magnit döretdi. Bu görkeziji ABŞ-nyň milli ýokary magnit meýdanynyň laboratoriýasynyň 2017-nji ýylda goýan rekordyndan (41.4 Tesla) ýokarydyr.

Hytaý magnitiniň Ýeriň magnit meýdanyndan 800,000 esse güýçlüdigi we alymlara materiýanyň täze görnüşlerini öwrenmäge, şeýle hem has duýgur gurallary işläp düzmäge mümkinçilik berýändigi bellenip geçilýär.
SHMFF güýçli meýdanlary, analoglara garanyňda, has uzak saklap bilýän rezistiw magnitleri ulanýar. Enjamyň kuwwaty 32,3 MWt.
Mundan başga-da, SHMFF gibrid we ýokary geçirijili magnitleri işläp düzýär, bu bolsa az energiýa sarp edýän ýokary magnit meýdanlaryny döretmäge mümkinçilik berer.
Ygtybarly, elýeterli we uly sowadyş ulgamlaryny talap etmeýän enjamlary döretmeklik inženerler üçin çözülmedik mesele bolup galýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.