7-nji noýabrda Ýerde G1 topara degişli magnit hadysasy bolar

06.11.2024, 16:567,852

Penşenbe güni Ýeri G1 klasly gowşak magnit tupany gurşap alar. Bu barada RYA-nyň Kosmos gözlegleri institutynyň we Gün-ýer fizikasy institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasyna salgylanyp, RBK habar berýär.

Barlaghananyň saýtyndaky maglumatlara görä, magnit tupany şu gün Aşgabat wagty bilen 22:00 töweregi başlar we ýarygijä çenli dowam eder, soňra 7-nji noýabrda 05:00-dan 11:00-a çenli dowam eder.

Çaklamalara görä, indiki partlama 17:00-dan 18:00-a çenli bolar, şondan soň magnitosfera asuda ýagdaýda bolar.

Garaşylýan magnit tupany G1 klasyna (gowşak) degişli edildi. G5 – magnit tupanynyň iň güýçli derejesi.

Saýtda bellenilişi ýaly, 7-nji noýabrda magnit tupanynyň bolmak ähtimallygy 40%-e deň. Geljekki 27 günde – 3-nji dekabra çenli magnit hadysalaryna garaşylmaýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.