Türkmenistanyň Prezidenti söwda boýunça wise-premýeri wezipesinden boşatdy

16.11.2024, 07:5928,261

Prezident Serdar Berdimuhamedow Atdaýew Batyr Taganowiçi, özüne ynanylan wezipäni oňarmandygy üçin, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary wezipesinden boşatdy.

Bu wezipä 6 aý synag möhleti bilen Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň müdiriýetiniň başlygy Nokerguly Hojagulyýewiç Atagulyýew bellenildi.
Degişli resminamalara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 2024-nji ýylyň 15-nji noýabrynda gol çekdi. Resminamalar metbugatda çap edildi.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.