Warner Bros. Oskar baýragyna mynasyp bolan “Mugthorlar” koreý filminiň remeýkini surata düşürer

22.11.2024, 23:023,916

Warner Bros. kinokompaniýasy Günorta Koreýanyň iň uly media we güýmenje kompaniýasy CJ ENM bilen şertnama baglaşdy. Ylalaşygyň çäklerinde Amerikan studiýasy iňlis dilinde “Mugthorlar” (Паразиты) we “Öten ömürler” (Прошлые жизни) filmleriniň remeýklerini döreder. CJ ENM bolsa, öz gezeginde Warner Bros.-yň taslamalaryny ýerli bazarlar üçin uýgunlaşdyrar diýip, Variety habar berýär.

Taraplar remeýkleriň önümçiligine doly gözegçilik edip, olaryň döredijilik tarapyna gatyşmak hukugyny saklarlar. Muňa režissýoryň, aktýorlaryň, ssenaristleriň bellenilmegi we sýužetiň düzülmegi degişlidir.
Warner Bros. öz film wersiýalaryny Günorta Koreýa, Wýetnam, Indoneziýa we Türkiýe döwletlerinden başga bütin dünýä ýaýradar.
Warner Bros. kitaphanasynda “Garri Potter” (Гарри Поттер) we “Barbi” (Барби) ýaly filmleri öz içine alýan 12,5 müňden gowrak film bar. CJ ENM-iň üstünlikli taslamalarynyň arasynda “Garyň içinden” (Сквозь снег) (2013), “Hyzmatkär” (Служанка) (2016) koreý trillerleri, “№ 7 kameradaky gudrat” (Чудо в камере № 7) (2019) türk dramasy we beýlekiler bar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.