Raşid Meredow Eýranyň energetika ministri bilen duşuşyk geçirdi

09.12.2024, 15:383,629

7-nji dekabrda Türkmenistanyň DIM-nde daşary işler Ministri Raşid Meredow bilen Eýranyň energetika ministri Abbas Aliabadiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär.

Duşuşygyň barşynda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistan we Eýran baý tebigy baýlyklara eýe bolmak bilen, geografiki taýdan amatly ýerleşen. Munuň özi daşary ykdysady ugurda, şol sanda elektroenergetika, nebitgaz, ulag-üstaşyr pudaklarynda özara gatnaşyklar üçin amatly mümkinçilikleri döredýär. Taraplar energetika pudagyndaky hyzmatdaşlygyň ösüşine garadylar.
Şunuň bilen baglylykda, serişde we ykdysady mümkinçilikleri amatly durmuşa geçirmek üçin hyzmatdaşlygy ösdürmegiň zerurdygy bellendi. Anyk netijeleri nazarlaýan türkmen-eýran özara gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmegine ýardam bermäge gönükdirilen Bilelikdäki hökümetara toparynyň işiniň ähmiýeti nygtaldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.