Türkmenistanyň DIM-nde Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi

27.12.2024, 10:343,324

26-njy dekabrda Türkmenistanyň DIM-nde daşary işler ministriniň orunbasary Serdar Muhammetdurdyýew Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň halkara bölüminiň müdiriniň orunbasary Çen Çžou bilen duşuşyk geçirdi.

Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, gepleşikleriň dowamynda taraplar türkmen-hytaý köptaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşykda söhbetdeşler uzakmöhletleýin esasda ýola goýulýan we özara bähbitlere laýyk gelýän iki ýurduň jemgyýetçilik guramalarynyň arasyndaky netijeli gatnaşyklaryň birnäçe möhüm ugurlary barada pikir alyşdylar.
Iki ýurduň «Merkezi Aziýa – Hytaý» formatynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmak baradaky ygrarlylygy hem tassyklandy.
Taraplar iki dostlukly ýurduň milli bähbitlerine we ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryna laýyk gelýän netijeli özara gatnaşyklary mundan beýläk-de dowam etmäge bolan meýillerini beýan etdiler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.