2024-nji ýylyň jemi boýunça iň girdejili filmler

07.01.2025, 08:497,792

Daşary ýurt neşirleri 2024-nji ýyldaky dünýä prokatynyň netijelerini jemlediler. Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli dynç günleri käbir filmleriň girdeji ýygymlary ep-esli artdy, netijede “Zalym” mýuzikli altynjy orny eýeledi, “Moana 2” multfilmi bolsa dördünji orna ýetmegi başardy.

Analitikleriň tomusda hem çak edişi ýaly, 2024-nji ýylyň iň girdejili filmi Pixar studiýasynyň “Tapmaça 2” multfilmi boldy. Ikinji orunda Marvel-den “Dedpul we Rosomaha”, üçünji orunda ýene bir multfilm – “Ýigrenji men 4” ýerleşdi.
Belläp geçsek, ýylyň iň köp girdeji gazanan 10 filminiň dokuzysy öňki filmleriň dowamlarydyr.

  • “Tapmaça 2” - $1,69 mlrd
  • “Dedpul we Rosomaha” - $1,33 mlrd
  • “Ýigrenji men 4” - $969 mln
  • “Moana 2” - $913 mln
  • “Dýuna 2” - $714 mln
  • “Zalym” - $655 mln
  • “Godzilla we Kong: Täze imperiýa” - $572 mln
  • “Kung-fu Panda 4” - $548 mln
  • “Wenom: Iň soňky tans” - $476 mln
  • “Bitljus Bitljus” - $451 mln.
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.