2024-nji ýyl howa gözegçilikleriniň taryhynda hasaba alnan iň yssy ýyl boldy

11.01.2025, 15:307,984

1850-nji ýyllardan bäri hasaba alynýan maglumatlara görä, 2024-nji ýyl iň yssy ýyl boldy. Ýewropanyň «Kopernik» howa gullugynyň maglumatlaryna görä, ýyllyk ortaça temperatura senagatlaşmadan öňki döwür (1850-1900-nji ýyllar) bilen deňeşdirilende 1,6°C dereje ýokarlandy.

Dünýä boýunça ortaça temperatura ilkinji gezek Pariž ylalaşygynda kesgitlenen möhüm 1,5 °C derejesinden geçdi.
Bu adatdan daşary yssynyň sebäplerini adamlaryň işjeňligi bilen bilelikde, El-Ninýo (ummanlarda ýüzleý suwlaryň adatdan daşary gyzmagy) ýaly tebigy hadysalar bilen baglanyşdyrmak bolar. 1,5 °C çäginden aşylmagy düýpli hadysa bolsa-da, bu Pariž ylalaşygynyň maksatlarynyň bozulýandygyny aňlatmaýar, sebäbi bu çäk uzak geljekde saklanmalydyr. Emma ýene-de öňümizdäki 10 ýylyň dowamynda, 2030-njy ýyllaryň başyna çenli dünýäniň bu çäkden çykmagyna garaşylýar.
NASA we beýleki klimatiki guramalar bu barada maglumatlaryny soň paýlaşarlar. Şeýle-de bolsa, ähli barlaglaryň 2024-nji ýyly hasaba alnan iň yssy ýyl diýip ykrar etmegine garaşylýar, emma görkeziji sanlarda kiçiräk tapawutlar bolup biler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.