CES 2025 sergisinde meýdany 37 inedördül metre çenli ulaldylýan ulag öý görkezildi

13.01.2025, 14:045,224
1 / 5

AC Future kompaniýasy Las-Wegasda CES 2025 sergisinde Pininfarina dizaýn studiýasy bilen bilelikde döredilen özboluşly AI-THd ulag öýi hödürledi. Bu barada New Atlas neşiri habar berdi.

A kysymly kaşaň furgonyň uzynlygy 6 metr, ýygnalgy ýagdaýda tutýan ýeri adaty kemperiňkiden uly däl. Şeýle-de bolsa, ykjam ulag süýşürilýän modullaryň kömegi bilen 37 inedördül metr meýdany bolan doly derejeli jaýa öwrülýär. Awtoulagyň gurluşy iki gapdala we yza süýşürip, ýaşaýyş jaýyny giňeltmäge mümkinçilik berýär.
AI-THd-iň esasy aýratynlyklaryndan biri - sazlanylýan ýeri üçeginde bolan adaty bolmadyk yzky giňeldiş ulgamydyr. Ýygnalgy ýagdaýynda bu modul furgona aerodinamiki şekil berýär, açylgy ýagdaýynda bolsa giň ýaşaýyş jaýyna öwrülýär.
AI-THd-iň giň salonyna şu aşakdakylar ýerleşdi:

  • Goşmaça ýatylýan ýerlere öwrüp bolýan ýygnalýan nahar stoly we diwanlar bilen enjamlaşdyrylan myhman otagy we naharhana.
  • Gazojak, gap-gaç ýuwýan maşyn we sowadyjy bilen enjamlaşdyrylan iki iş zolagy bolan aşhana.
  • Içi duş kabinaly, elýuwarly we hajathanaly, şeýle hem kirmaşynly we guradyjyly hammam.
  • Aşhanadan we myhman otagyndan aýry ýerleşdirilen iki adamlyk ýatalgaly ýatyş otagy.

Ulag öýüň ähli ýeri giňiş we ýagty edýän uly penjireler bilen enjamlaşdyrylandyr.
AI-THd akylly öýüň ulgamlary, köp zolakly howa-gözegçilik we 5 kWt kuwwatly Gün panelleri bilen enjamlaşdyrylandyr. Mundan başga-da, ulag öý suwy gaýtadan işleýji ulgam we internet birikmesi bilen enjamlaşdyrylandyr, bu hatda uzak ýere çykylanda-da özbaşdaklygy üpjün edýär.
AI-THd-i köpçülikleýin öndürmek 2026-njy ýylyň ahyryna meýilleşdirilýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.