Demirgazyk Amerikada ýylyň iň gowy ýeňil awtoulagy 4-nji gezek Honda Civic boldy

14.01.2025, 11:424,352

Honda Civic Demirgazyk Amerikada ýeňil awtomobiller kategoriýasynda “Ýylyň awtomobili” bäsleşiginiň ýeňijisi boldy we netijede baýragyň taryhynda iň köp titula eýe bolan modele öwrüldi. Bu onuň 2006-njy ýyldan bäri dördünji ýeňşidir.

Şu ýyl modeliň 11-nji nesil gibrid wersiýasy üstünlik gazandy. Emin agzalary bu modeli 2006, 2016, 2022 we 2025-nji ýyllarda saýladylar.

“Civic – Honda-nyň iň meşhur modeli we soňky 52 ýylda Amerikada iň köp satylýan üç ýeňil awtoulagynyň biri. 1973-nji ýyldan bäri Honda Demirgazyk Amerikada 15 milliondan gowrak Civic awtomobilini satdy” – diýlip, markanyň metbugat relizinde aýdylýar.

Civic-den başga-da, Honda bäsleşikde Ridgeline pikapy bilen 2006-njy we 2017-nji ýyllarda ýeňiş gazandy, Accord sedany bolsa 2018-nji ýylda öz segmentinde iň gowusy diýlip ykrar edildi. Bäsleşik 1994-nji ýyldan bäri geçirilýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.