Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Kyrşehir welaýatynyň häkimi we Ahi Ewran uniwersitetiniň rektory bilen duşuşdy

09.02.2025, 21:209,207
1 / 3

7-nji fewralda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçihanasy bilen Kyrşehir şäheriniň Ahi Ewran uniwersitetiniň bilelikde gurnamagynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy, şeýle hem 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli ylmy maslahat geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berdi.

Geçirilen ylmy çärä Türkiýe Respublikasynyň Kyrşehir welaýatynyň häkimi Murat Sefu Demirýürek, Kyrşehir şäherindäki Ahi Ewran uniwersitetiniň rektory, professor Mustafa Kazim Karahojagil, Türkiýäniň jemgyýetçilik-syýasy edaralarynyň, döredijilik we ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri, talyp ýaşlar we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy.
Çäräniň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplarynyň, amaly-haşam sungaty eserleriniň sergisi guraldy.


Maslahatyň ahyrynda Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan Ahi Ewran uniwersitetiniň kitaphanasyna Türkmenistanyň Prezidentiniň we türkmen halkynyň Milli Lideri, Gurbanguly Berdimuhamedowyň türk dilinde neşir edilen kitaplary sowgat berildi.
Şol gün Türkiýe Respublikasynyň Kyrşehir welaýatynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy, şeýle hem 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi mynasybetli surat sergisi hem açyldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.