“Awatar 3-üň” synag görkezilişi başlandy: tomaşaçylar haýran galýar

26.02.2025, 22:595,651

Režissýor Jeýms Kemeron Stuff neşiri bilen söhbetdeşlikde “Awatar: Ot we kül” (Аватар: Огонь и пепел) filminiň synag görkezişinden ilkinji täsirleri bilen paýlaşdy. Awtoryň aýtmagyna görä, tomaşaçylar haýran galýar.

“Seslenmelere görä, bu iň duýguly hem ähtimal, trilogiýanyň iň gowy filmi bolsa gerek. Men muňa begenýän” – diýip, Kemeron belledi.

Täze bölüm tomaşaçylary wulkanyň eteginde ýaşaýan söweşjeň Na’wi urugynyň dünýäsine äkider. Waka täze garaýşa eýe bolar: Jeýk Salliniň deregine ogly Loak gürrüň beriji bolar.
Häzirlikçe Kemeron beýleki maglumatlary gizlin saklaýar.
“Awatar 3-üň” premýerasy 2025-nji ýylyň 19-njy dekabryna meýilleşdirilýär. Muşdaklara Pandora syýahat garaşýar: 2029-njy ýylyň 21-nji dekabrynda dördünji bölüm, 2031-nji ýylyň 19-njy dekabrynda jemleýji bäşinji bölüm çykar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.