«Zalymlygyň mesgeni» gaýtadan düşürilýär: film 2026-njy ýylyň güýzünde çykar

11.03.2025, 13:142,116

Sony Pictures studiýasy “Zalymlygyň mesgeni” («Обитель зла») kinoseriýasynyň täze filminiň çykjak senesini yglan etdi. Gaýtadan başlanjak seriýanyň birinji filmi 2026-njy ýylyň 18-nji sentýabrynda ABŞ-nyň kinoteatrlaryna çykar diýip, Deadline habar berýär.

Geljekki filmiň režissýory we edebi esasynyň şärikdeş awtory "Warwar" filmindäki işi bilen tanalýan Zak Kregger. Sýužetiň  jikme-jiklikleri entek gizlin saklanýar, ýöne insaýderler filmiň 1996-njy ýylda Ýaponiýada çykan wideo oýunlaryň gözbaşlaryna gaýdyp geljekdigini çaklaýarlar. Franşizanyň iň meşhur ekranlaşdyrmalary Milla Ýowowiçiň oýnamagynda Pol W.S. Anderson tarapyndan surata düşürilen alty film bolmagynda galýar. 2022-nji ýylda Netflix-de filmiň spin-off serialy çykdy. Ol barada garyşyk seslenmeler alyndy we bir möwsümden soň ol ýatyryldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.