Beýik Britaniýada “The Beatles-den” Jon Lennonyň hatyrasyna teňňe çykarylar

17.03.2025, 06:091,445

Beýik Britaniýanyň Patyşalyk zikgehanasy meşhur “The Beatles” toparynyň esaslandyryjysy, wokalist we ritm-gitaraçy Jon Lennonyň keşbi bilen ýadygärlik teňňesini çykarar.

Ol sazandanyň 85 ýyllygyna we onuň soňky solo albomynyň 50 ýyllygyna bagyşlanar.
Teňňede sazandanyň Bob Grueniň 1974-nji ýylda düşüren suratyna esaslanan profili şekillendiriler.
Ýadygärlik teňňesi 17-nji martda satuwa çykar. Onuň bahasy 18,5 funt sterlingden başlanýar. Ol dürli reňkli metallarda ýasalar.
Jon Lennon 1980-nji ýylyň 8-nji dekabrynda Nýu-Ýorkda pajygaly ýagdaýda heläk boldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.