Hytaýda ilkinji gezek adama doňzuň bagry oturdyldy

29.03.2025, 06:3410,879

Hytaýda dünýäde ilkinji gezek genetiki taýdan üýtgedilen doňuz bagryny adama oturtmak operasiýasy amala aşyryldy. Bu synag baradaky hasabat Nature žurnalynda çap edildi.

Bu operasiýa geçen ýylyň mart aýynda edilipdi. Alymlar adam bedenine laýyk bolmagy üçin öňünden alty geni üýtgedilen doňzuň ownuk tohumynyň bagryny ulandylar. Transplantasiýa beýniniň ölmegi kesel kesgidi goýlan hassada geçirildi.
Ksenotransplantasiýa synagy 10 gün dowam etdi we garyndaşlarynyň haýyşy boýunça ýatyryldy. Barlagçylaryň maglumatlaryna görä, organ kadaly işledi, bitişmezlik ýa-da çişmek alamatlary ýüze çykmady.
Ksenotransplantasiýa (görnüşara transplantasiýasy) – bu organlaryň bir biologiki görnüşden beýlekisine transplantasiýasy edilmegidir. Alymlar donorlyk  mümkinçiliklerini giňeltmek üçin şeýle tehnologiýalary ösdürýärler.
Ozal alymlar adamlara doňzuň ýüregini we böwreklerini geçirmäge synanyşypdylar. Mysal üçin, ABŞ-nyň Harby-deňiz flotunyň 58 ýaşly weterany Lourens Fosett doňzuň ýüregi bilen iki aýa golaý ýaşady. Transplantasiýa edilmezden ozal ol ýürek ýetmezçiligi bilen keselhana ýerleşdirilipdi. Saglyk ýagdaýy sebäpli bu adam adaty transplantasiýa ýaramsyz hasaplandy, şonuň üçin genetiki taýdan üýtgedilen haýwandan bir organ oturdylmagyna razy boldy. Ilkibada onuň ýagdaýy gowulaşdy, ýöne soň alyşmazlygyň alamatlary peýda boldy we ýogaldy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.