Porsche-niň girdejisi ABŞ-nyň nyrhlary we Hytaýda satuwlaryň peselmegi sebäpli 40% aşaklady

05.05.2025, 16:174,492

Porsche Trampyň administrasiýasy tarapyndan daşary ýurt awtoulaglaryna girizilen 25 göterimlik gümrük paçlary sebäpli, agyr maliýe kynçylyklary bilen ýüzbe-ýüz boldy. Kompaniýanyň birinji çärýek boýunça hasabatyna görä, awtoulag pudagyndaky operasion girdeji 43,8% peseldi, Porsche AG-niň umumy girdejisi 40,5% azaldy, satuwdan gazanylýan girdejililik derejesi 14,2%-den 8,6%-e düşdi. Bu barada «Motor1» habar berýär.

Dünýä boýunça görkezijiler Hytaýda awtoulag satuwlarynyň pese gaçmagy we «geosyýasy näbellilik, esasanam ABŞ-nyň söwda syýasaty» sebäpli, ýaramazlaşdy diýip, kompaniýanyň beýannamasynda aýdylýar. Porsche 2025-nji ýyl üçin girdeji meýilnamasyny täzeden gözden geçirdi we garaşylýan girdejini 37-38 milliard ýewro çenli peseltdi.
ABŞ-da aprelde güýje giren täze nyrhlar diňe aprel we maý aýlarynda kompaniýa 114 million dollar zyýan ýetirer diýip, Porsche AG-niň täze maliýe müdiri Ýohen Brekner aýtdy. Bu zyýany ýeňilleşdirmek maksady bilen, Porsche gümrük paçlary güýje girmezinden öň, ABŞ-a iberilýän awtoulaglaryň mukdaryny artdyrdy, ýöne ýerli önümçilik bolmazdan, bahalaryň ýokarlanmagynyň öňüni almak mümkin däl.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.