25 ýurduň iň baý we iň garyp adamlarynyň girdejileriniň arasyndaky tapawut anyklandy

08.05.2025, 15:5013,690
1 / 2

Visualcapitalist portalynyň hünärmenleri 2024-nji ýylda 25 ýurduň iň baý we iň garyp ýaşaýjylarynyň gündelik girdejilerini görkezýän infografikany taýýarladylar.

Our World in Data taslamasy tarapyndan toplanan maglumatlar ABŞ-nyň dollarynda görkezilýär we 2017-nji ýylyň bahalary boýunça satyn alyjylyk ukybynyň pariteti (PPS) nazarda tutulyp düzedildi. Bu hümmetsizlenmäni we ýurtlaryň arasyndaky ýaşaýşyň gymmatynyň aratapawudyny göz öňünde tutýar.
Maglumatlara görä, iň baý amerikalylaryň 10%-i günde adam başyna ortaça 156 dollar gazanýar. Bu beýleki ýurtlardaky şuňa meňzeş toparlaryňkydan ep-esli köp.

Girdejiler salgytlar tölenenden we sosial ýeňillikleri alandan soň, sarp ediş ýa-da girdeji maglumatlary esasynda hasaplanýar. Adam başyna, şol sanda çagalara düşýän girdeji, daýhanlaryň öz sarp etmegi üçin ösdürip ýetişdirýän iýmitleri ýaly pul däl çeşmeler hem göz öňünde tutulýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.