Ýaşulular geňeşiniň agzalary çagalara şu ýylyň ilkinji hasylyndan naz-nygmatlary gowşurdylar

16.05.2025, 17:149,006
1 / 5

Arkadag şäheriniň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde saglygyny dikeldýän körpelere hem-de paýtagtymyzdaky Döwletliler köşgünde terbiýelenýän çagalara şu ýylyň ilkinji hasylyndan naz-nygmatlary gowşurdylar. Çagalar Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Prezident Serdar Berdimuhamedowyň adyndan berlen dürli miweleri hem-de ir-iýmişleri tüýs ýürekden hoşallyk bilen kabul etdiler.

Naz-nygmatlary Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň agzalary gowşurdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.