Tibetiň asmanynda ýyldyrymyň seýrek görnüşi bolan "gyzyl spraýt" surata düşürildi

04.06.2025, 10:596,915
1 / 2

Tebigy hadysaly suratlary bilen tanalýan hytaýly astro suratçy Dun Şuçan seýrek atmosfera hadysasyny - gyzyl spraýty surata düşürdi. Surat Tibet platosynda deňiz derejesinden 5000 metrden gowrak belentlikden düşürildi.

Bu waka 31-nji maýdan 1-nji iýuna geçilen gije Hytaýyň günorta-günbataryndaky Şannan şäherinde bolup geçdi.
Gyzyl spraýtlar – bu çabga getirýän bulutlaryň üstünde döreýän ýokary atmosfera ýyldyrymynyň bir görnüşidir. Olar adaty ýyldyrym çakmasyndan soň 40-100 kilometr belentlikde döreýär. Adaty razrýadlardan tapawutlylykda, gyzyl spraýtlardaky maddalar ýokary temperatura çenli gyzmaýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.