Hindistanda dünýädäki iň beýik demir ýol köprüsi guruldy. Ol uçutdan 359 metr belentlikde

08.06.2025, 21:058,634

Hindistanda Çinab demir ýol köprüsiniň resmi açylyşy boldy. Onuň konstruksiýasy  dünýäde iň beýik demir ýol geçelgesi hökmünde ykrar edildi. Ol Kaşmir jülgesindäki Çinab derýasynyň üstünden 359 metr belentlikden geçýär.

Köpriniň uzynlygy 1,3 kilometre barabardyr. Onuň gurluşygy birnäçe onýyllyklar dowam etdi. Taslamanyň umumy bahasy 160 million dollardan geçdi. Gurluşyk ýertitremelerine çydamly edip salyndy we tizligi sekuntda 74 metre ýetýän güýçli şemala garşy durup bilýär.
Köpriniň açylyşyna Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi gatnaşdy. Ol köprini Jammu bilen Srinagary ýurduň beýleki bölekleri bilen birleşdirýän "täze arteriýa" diýip atlandyrdy. Modiniň sözlerine görä, bu desga 2047-nji ýyla, ýagny garaşsyzlygyň ýüz ýyllygyna çenli Hindistany ösen döwlete öwürmegi maksat edinýän infrastrukturany döwrebaplaşdyrmak boýunça döwlet maksatnamasynyň bir bölegine öwrüldi.
Şol gün Modi Udhampur-Srinagar-Baramulla demir ýol liniýasyny hem işe girizdi. Ol Hindistanyň iň barmasy kyn sebitleriniň birinde ulag aragatnaşygyny güýçlendirer diýlip garaşylýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.