DIM-nde Hytaýyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili bilen duşuşyk geçirildi

15.07.2025, 14:245,319

14-nji iýulda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Çžun Huan bilen duşuşdy.

Türkmenistanyň DIM-niň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we ösüşiniň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC 3) taýýarlyk meseleleri boýunça pikir alyşdylar.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Hytaýyň wekiliýetiniň wekillerini LLDC 3-iň çäginde geçiriljek Zenan ýolbaşçylarynyň duşuşygyna gatnaşmaga çagyrdy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.