Monochrome Photography Awards 2025 baýragynyň eminleri her ýyl geçirilýän monohrom surat bäsleşiginiň ýeňijilerini yglan etdiler we ýabany tebigatyň iň gowy ak-gara suratlaryny hödürlediler.
Ýabany tebigat kategoriýasy boýunça ýeňijiler:

Birinji ýer: Kerkleriň maşgalasy / © Alessandro Marena

Ikinji ýer: Dumanyň içindäki keýik / © Žan-Baptist de Şezemarten

Üçünji ýer: Äpetler şalygynda / © Rendall Boll
Bäsleşigiň ýokary bahasyna mynasyp bolanlar:

Dünýäniň tebigy kanuny / © Ngaý Bun Wong

Gündogar Afrika sawannasynyň ümmülmez düzlüklerindäki geçigaplaň / © Jaýinn Jeýms

Daşgynrak garyndaşyň portreti / © Sýoheý Ýosida

Aziýa piliniň meşhur gyýaklary / © George Dian Balan

Tilki çagalary awda / © Ýan Çžan

Ýiti garaýyşlar / © Ýirži Anderle

Pantanalyň ýabany tebigaty, Matu-Grosu, Braziliýa / © Seržio Lukas
Monochrome Photography Awards - ak-gara surata bagyşlanan halkara ýaryşdyr. Her ýyl ol dünýäniň dürli künjeklerinden hünärmenleri we höwesjeňleri özüne çekmek bilen, dürli kategoriýalarda ajaýyp işleri görkezmek üçin platforma bolup hyzmat edýär. Ýeňijiler hünärmenler jemgyýetinde ykrar edilýär we eserlerini tomaşaçylar köpçüligine hödürlemäge mümkinçilik alýarlar.