Serdar Berdimuhamedow Hindistanyň ýolbaşçylaryny Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

15.08.2025, 12:302,804

Prezident Serdar Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Prezidenti hanym Draupadi Murmuwa, Premýer-ministri Narendra Modä we ýurduň ähli halkyna Hindistan Respublikasynyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutany hatynda ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň yzygiderli berkidilýändigini, mazmun taýdan baýlaşdyrylýandygyny belläp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine hem-de täze sepgitlere ýetirilmegine uly ähmiýet berýändigini tassyklady.
Prezident Serdar Berdimuhamedow mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Draupadi Murmuwa hem-de Premýer-ministr Narendra Modä berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Hindistan Respublikasynyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdi.
Hindistanda Garaşsyzlyk güni 15-nji awgustda baýram edilýär. Ol 1947-nji ýylda ýurduň Beýik Britaniýadan garaşsyzlygyny almagynyň şanyna bellenilýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.