Tehasda bir kitap 82 ýyldan soň kitaphana gowşuryldy

20.08.2025, 14:254,952
1 / 2

Tehasdaky San-Antonio jemgyýetçilik kitaphanasyna tas 82 ýyldan soň bir kitap yzyna gaýtarylyp berildi diýip, UPI habar berýär.

Şäher administrasiýasynyň maglumatlaryna görä, 11 ýaşly oglan 1943-nji ýylyň iýulynda Frensis Brýus Streýniň “Siziň çagaňyz, onuň maşgalasy we dostlary” atly kitabyny aldy. Kitaby 28 günden yzyna tabşyrmalydy, ýöne bu bolmady. Oglanyň maşgalasy mejbury ýagdaýda şäherden gitmeli boldy: onuň ejesi ABŞ-nyň Mehikodaky ilçihanasynda wezipä bellendi. Kitap olaryň goşlarynyň arasynda gidip, segsen ýyldan gowrak wagt maşgalada saklandy.
Ýakynda aýalyň agtygy ony tapyp, San-Antonio yzyna iberdi. Ol kitabyň ýany bilen hat hem iberip, onda gijikdirilendigi üçin jerime salmazlygy haýyş etdi. Ol “enesiniň indi kitap üçin töläp bilmejekdigini” belledi.
2021-nji ýylda San-Antonio kitaphanasy möhletinden gijikdirilendigi üçin jerime salmak ulgamyny ýatyrdy, şonuň üçin hiç hili töleg gerek bolmady. Häzir kitap foýede goýuldy, soňrak ony ýerli kitap dükanynda satuwa çykarmak meýilleşdirilýär.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.