Sirk möwsümi başlaýar: Türkmenistanyň Döwlet sirki “Görogly” atly täze sirk çykyşyna çagyrýar

03.09.2025, 11:064,415
1 / 2

Türkmenistanyň Döwlet sirki täze möwsüme başlaýar we täze sirk şüweleňlerine tomaşa etmäge çagyrýar.

Tomaşaçylara Arkadag şäheriniň “Görogly” adyndaky döwlet atçylyk sirki we Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy bilen bilelikde “Görogly” şadessanyndan sahnalaşdyrylan “Görogly” atly  sirk çykyşy hödürleniler.
Çykyşlaryň dowamynda şeýle hem Halkara sirk festiwallarynda 6 gezek ýeňiji bolup, baş baýraklary alan “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň we Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň tanymal artistleri çykyş ederler.
Çykyşlar her hepdäniň şenbe we ýekşenbe günleri sagat 19:00-da görkeziler.
Giriş peteklerini Türkmenistanyň Döwlet sirkiniň sirk.gov.tm resmi web sahypasyndan onlaýn görnüşinde hem satyn alyp bilersiňiz.

Habarlaşmak üçin: 39-80-44; 39-80-45; 36-10-95.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.