Aýdymçy Adel ýatlama ýazar

20.09.2025, 18:033,679

Aýdymçy Adel neşirçileriň haýyşyny birnäçe gezek ret edeninden soň, ahyrsoňy terjimehalyny ýazmak kararyna geldi. Bu barada çeşmä salgylanýan Daily Mail habar berýär. 

Çeşmäniň berýän habaryna görä, aýdymçy geljekki kitabynda diňe bir özüniň döredijilik ýoly barada däl, eýsem şahsy durmuşy - çagalygy, mekdep ýyllary, romantik gatnaşyklary we enelik bagty hakda-da gürrüň bermegi meýilleşdirýär.
Adeliň diskografiýasynda dört sany doly göwrümli studiýa albomy bar: "19", "21", "25" we "30." Aýdymçy 16 sany “Gremmi” baýragyny aldy, onuň Skyfall kompozisiýasy bolsa Jeýms Bond hakyndaky filmiň esasy aýdymy hökmünde ulanyldy we “Oskar” baýragyny gazandy.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.