«Zalym: Baky» filmi başlangyçda 226 million dollar gazanyp, dünýä prokatynda öňe saýlandy

26.11.2025, 13:075,668

«Zalym: Baky» (Wicked: For Good) mýuzikli ilkinji dynç günlerinde 226 million dollar ýygnap, dünýäniň boks-ofisinde öňdebaryjy boldy.

Variety-niň maglumatlaryna görä, film ABŞ-da 150 million dollar gazandy, bu «Minecraft kinoda» filminden soň şu ýylyň ikinji netijesidir ($162 million dollar). Daşary ýurt bazarlarynda film ýene 76 million dollar ýygnady.
Film Elfaba (Sintiýa Eriwo) bilen Glindanyň (Ariana Grande) taryhyny dowam etdirýär. Sikweliň Rotten Tomatoes-y 70% oňyn seslenme aldy. Fentezi mýuzikliniň 2024-nji ýylda çykan birinji bölümi 164,2 million dollardan başlapdy.
Boks-ofisde ikinji ýeri häzirki wagtda amerikan prokatynda 37 million dollardan gowrak we dünýäde 146 million dollar jemlemegi başaran «Aldaw illýuziýasy 3» (
«Иллюзия обмана 3») eýeleýär. Filmiň býujeti 90 mln dollar. Eýýäm indiki bölüminiň üstündäki deslapky işler alnyp barylýar.
«Ýyrtyjy: Ajal planetasy» (
«Хищник: Планета смерти») ABŞ-da 76 million dollar toplady, dünýäde bolsa 140 million dollardan gowrak jemledi. Filmiň 105 million dollarlyk önümçilik býujetini ýapjagy-ýapmajagy entek belli däl.
Edgar Raýtyň «Ylgaýan adam» (
«Бегущий человек») filmi gowşak netijeleri görkezdi: boýewik ABŞ-da iki dynç gününde 27 million dollar ýygnady; dünýädäki ýygymlary entek 50 million dollara hem ýetmedi. 110 million dollarlyk býujeti bilen taslama maliýe taýdan şowsuz hasaplanýar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.