“Emmi-2025” halkara baýragynyň ýeňijileri yglan edildi

27.11.2025, 10:281,926

Nýu-Ýorkda “Emmi” halkara baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Adaty “Emmiden” tapawutlylykda bu baýrak ABŞ-dan daşary döredilen teletaslamalara we seriallara berilýär diýip, The Hollywood Reporter habar berýär.

Şu ýyl esasy baýrak eýeleri Beýik Britaniýanyň taslamalary boldy – olar ýedi baýraga, şol sanda iň gowy drama we iň gowy komediýa serialy, iň gowy aktrisa we iň gowy telefilm/mini-serial üçin baýraklara mynasyp boldy.
Ispaniýa iki, Ýaponiýa, Germaniýa, Awstraliýa, Katar, Kanada, Daniýa we Türkiýe bolsa bir baýrak aldy.

“Emmi-2025” halkara baýragynyň ýeňijileriniň sanawy:

  • ·Drama serialy – “Bäsdeşler” (Соперники / Beýik Britaniýa)
  • ·Komediýa serialy – “Lýudwig” (Beýik Britaniýa)
  • ·Iň gowy erkek keşbi – Oriol Pla, “Men neşekeş” (Я, наркоман / Ispaniýa)
  • ·Iň gowy zenan keşbi – Anna Makswell Martin, “Seni öldürýänçäm” (Пока я не убью тебя / Beýik Britaniýa)
  • ·Telefilm/mini-serial – “Ýiten oglanlar we periler” (Пропавшие мальчики и феи / Beýik Britaniýa)
  • ·Telenowella – “Zehin” (Гений / Türkiýe)
  • ·Dokumental film – “Dowzaha özüni oklan” (Адский прыгун / Beýik Britaniýa)
  • ·Sport dokumental film – “Hemme zat gutardy: Ispan futbolyny üýtgeden posa” (Все кончено: Поцелуй, изменивший испанский футбол / Ispaniýa)
  • ·Möhüm reportaž – “Dispetçerler: Ölüm zolagy: Gazanyň içinde” (Диспетчеры: Зона убийства: Внутри Газы / Beýik Britaniýa)
  • ·Habarlar – “Gaza ýaşaýşyň gözleginde (Газа в поисках жизни / Katar)
  • ·Sungat barada programma – “Rýuiti Sakamoto: Soňky günler” (Ýaponiýa)
  • ·Animasiýa – “Blui” (Awstraliýa)
  • ·Öwrediji we güýmenje programmasy – “Frisiniň yzlary bilen – GDR-de ýaşaýyş nähilidi?” (Germaniýa)
  • ·Oýun filmi/serial – “Lagnaty” (Beýik Britaniýa)
Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.