Günde 2025-nji ýylyň iň güýçli alawlamalarynyň biri hasaba alyndy

01.12.2025, 17:287,875

Günde şu ýylda iň güýçli alawlamalaryň biri hasaba alyndy, onuň iň ýokary derejesi Aşgabat wagty bilen 7:49-da boldy. Bu barada “FOBOS” howa merkeziniň hünärmeni Mihail Leus habar berdi.

Ir ertir Günde X derejeli güýçli alawlama hasaba alyndy diýip, Mihail Leus öz Telegram kanalynda ýazdy. Ol deslapky maglumatlar boýunça onuň güýjüniň X1,95 bal bolandygyny belledi.
Leusyň aýtmagyna görä, alawlama öz güýji boýunça şu ýylyň başyndan bäri iň güýçli alawlamalaryň bäşligine girýär.
Muňa garamazdan, hünärmeniň aýtmagyna görä, bu alawlamanyň dörän ýeri bolan Gün tegmilleriniň topary Gün-Ýer çyzygyndan uzakda ýerleşýär. Netijede, Gün maddasynyň zyňyndysynyň planetamyza gelmek ähtimallygy nola ýakyn diýlip hasaplanýar. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.