Norwegiýaly futbolçy iň gowy oýunçy hökmünde 100 sany hyýara mynasyp boldy

15.03.2026, 10:578,741

Norwegiýanyň «Brýune» klubynyň futbolçysy Kristian Holand «Rusenborg» topary bilen 4:2 hasabynda ýeňiş bilen tamamlanan duşuşykda iň gowy oýunçy diýlip saýlandy we garaşylmadyk baýraga mynasyp boldy. Topar oňa iki guty hyýar sowgat berdi.

Sosial ulgamlarda paýlaşylan suratlardan görnüşi ýaly, futbolçy beýle sowgat alandygyna asla gynanman, gaýtam, begenip, monça bolupdyr.

Klub üýtgeşik baýragyň sebäbini sebitiň daýhançylyk däpleri bilen baglanyşdyrýar. «Brýune» futbolçylara ýygy-ýygydan oba hojalyk önümlerini sowgat berip durýar. Mundan ozal hem oýunçylara 500 kilogram käşir, 100 sany ýumurtga we hatda janly guzy hem gowşurypdylar.

Kähalatda futbolçylaryň özleri hem bu däbi goldaýar. Oýundan soň olar janköýerlere diňe bir öz köýnekçelerini däl, eýsem, gül kelemi ýaly gök önümleri zyňýarlar. 

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.