Apple duýdansyz ýagdaýda Hytaýda iPhone 17 Pro-nyň bahalaryny döwdi: arzanladyşlar baryp 300 dollara ýetýär

21.05.2026, 07:267,131

Apple kompaniýasy Hytaýda iPhone 17 seriýasynyň bahalaryny aşakladyp başlady. 15-nji maýdan başlap, iPhone 17 Pro-nyň bahasy 1000 ýuan (147 dollar) arzanlady, trade-in maksatnamalaryny we goşmaça subsidiýalary hasaba alanyňda bolsa, arzanladyş 2000 ýuana (295 dollar) ýetýär.

iPhone 17 Pro-nyň iň pes bahasy 6999 ýuana (1031 dollar) çenli düşdi. Bu, agzalan modeliň bahasynyň ilkinji gezek 7000 ýuandan aşak düşmegidir.

Bahalaryň aşaklamagy JD.com platformasyndaky Apple-iň resmi dükanynda eýýäm belli edildi.

iPhone 17-niň esasy wersiýasy hem satuwa çykanyndan bäri ilkinji gezek düýpli arzanladyş aldy. Aksiýalary hasaba alanyňda, enjamy 4499 ýuana (663 dollar) satyn alyp bolýar.

Apple-iň ygtyýarly dükanlarynyň wekilleriniň sözlerine görä, köp alyjylar däp bolşy ýaly «618» uly arzanladyşyndan öň, maý aýyndaky bahalaryň peselmegine garaşýarlar.

Ýat we beýleki düzüm bölekleriniň bahasynyň gymmatlamagy netijesinde, birnäçe Android-flagmanlaryň bahalary, tersine, 200–600 ýuan (29–88 dollar) aralygynda ýokarlandy.

Käbir analitikleriň pikiriçe, iPhone 17 Pro-nyň bahasynyň peselmegi Apple-iň Hytaý bazaryndaky satuwyny ep-esli janlandyryp biler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.