Iýun aýynda ýurdumyzda nähili medeni-dabaraly çäreler geçiriler

23.05.2026, 10:486,169

Şu ýylyň iýun aýynda Aşgabatda Azerbaýjan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri we Arkadag şäheriniň 3 ýyllyk baýramy mynasybetli giň gerimli dabaralar geçiriler.

Şeýle-de, iýun aýynyň meýilnamasyna laýyklykda, Çagalary goramagyň halkara güni, Bütindünýä welosiped güni, Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni, Ylymlar güni, Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli dürli sergiler, halkara maslahatlar we sport ýaryşlary guralar.

Geljek aýda «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlary boýunça jemleýji tapgyrlaryny, «Talyp joşguny — 2026» atly döredijilik festiwalynyň jemleýji tapgyryny we Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligini hem geçirmek meýilleşdirilýär. Mundan başga-da, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly baýramyna we 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilmegine bagyşlanan dabaralar guralar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.