Türkmen-täjik işewürler geňeşiniň nobatdaky mejlisi Täjigistanyň Duşenbe şäherinde geçiriler. Häzirki wagtda geňeşiň ikinji mejlisine taýýarlyk görmegiň çäklerinde zerur işler alnyp barylýar. Bu barada anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde aýdyldy diýip, TDH habar berýär.
Işewürler geňeşiniň esasy maksady Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasyndaky özara bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmekden we täze derejä çykarmakdan ybaratdyr. Duşenbe şäherinde guraljak bu çärä Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleriniň, Söwda-senagat edarasynyň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň gatnaşmagy göz öňünde tutulýar.
Döwlet Baştutany Türkmenistanyň daşary döwletler bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary yzygiderli we ulgamlaýyn esasda ösdürýändigini belläp, Türkmen-täjik işewürler geňeşiniň ikinji mejlisini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek boýunça degişli çäreleri görmegi tabşyrdy.