Ýurduň dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmek, halk maslahatlarynyň agzalarynyň, döwlet we ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak hem-de dünýä ülňülerine laýyk gelýän döwlet ýolbaşçylaryny we magistrleri taýýarlamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti degişli Buýruga gol çekdi. Bu barada TDH habar berýär.
Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda 2026-2027-nji okuw ýyly üçin diňleýjileri kabul etmegiň aşakdaky meýilnamalary hem-de giriş synaglaryny guramagyň tertibi tassyklanyldy:
- Döwlet gullugy akademiýasynyň döwlet edaralarynyň gullukçylaryny gaýtadan taýýarlamak okuwlaryna kabul etmegiň meýilnamasy: okuwyň möhleti — 2 okuw ýyly.
- Döwlet edaralarynyň gullukçylarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmak okuwy: okuwyň möhleti — 5 aý.
- Täjirçilik arbitražy boýunça hünär derejesini ýokarlandyrmak okuwy: okuwyň möhleti — 4 aý.
- Ýerine ýetiriji häkimiýetiň ýerli edaralarynyň gullukçylarynyň hem-de welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmak okuwy: okuwyň möhleti — 2 aý.
- Ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň gullukçylarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmak okuwy: okuwyň möhleti — 2 aý.
- Magistrleri taýýarlamak boýunça okuw (tölegli esasda): okuwyň möhleti — 1 okuw ýylyndan 2 okuw ýylyna çenli.
- Hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak okuwy (tölegli esasda): okuwyň möhleti — 2 aýa çenli.