Kabo-Werdeli futbolçylaryň DÇ-daky «haý-haýy» ýurda syýahatçylaryň uly tolkunyny getirdi

29.07.2026, 10:406,853
1 / 3

Kabo-Werdeniň milli ýygyndy toparynyň 2026-njy ýylyň futbol boýunça Dünýä çempionatynda üstünlikli çykyş etmegi bu ada döwletine syýahatçylaryň gyzyklanmasynyň birdenkä artmagyna getirdi.

Seljerijiler şu ikarada arhipelaga uçar petekleriniň satuwynyň geçen ýylky bilen deňeşdirilende 50% artandygyny-da anyklap ýetişdiler. Data Appeal Company bilen Afrikanyň syýahat we syýahatçylyk assosiýasiýasy (Atta) hem 2026-njy ýylyň sentýabr aýyndan 2027-nji ýylyň mart aýyna çenli bolan döwür üçin öňünden sargalýan syýahatlaryň sanynyň 14,4% köpelendigini habar berdiler.

Mundialyň toparlaýyn tapgyrynda Kabo-Werdeniň topary Urugwaýyň, Saud Arabystanynyň we häzirki dünýä çempiony – Ispaniýanyň ýygyndylary bilen deňme-deň oýnady. Futbolçylar pleý-off tapgyryna çykyp, ol ýerde-de çekeleşikli oýun görkezdiler we netijede ýaryşyň finalçysy Argentinanyň toparyndan 3:2 hasaby bilen utuldylar.

Data Appeal kompaniýasynyň marketing boýunça direktory Karlos Sendra ýygyndynyň çykyşynyň ýurduň halkara abraýyny we meşhurlygyny görnetin ýokarlandyrandygyny hem-de iri sport çäreleriniň syýahatçylygy ösdürmekdäki täsirini subut edendigini belledi.

«Atta» assosiýasiýasynyň baştutany Wirdžiniýa Messina hem Afrika ugurlaryna bolan gyzyklanmanyň dowamly artýandygyny aýdýar. Mysal üçin, geçen ýyl yklymyň ýurtlary 81 million daşary ýurtly syýahatçyny kabul etdiler. Bu bolsa geçen ýyldakydan 8% köpdür. Hünärmenleriň pikiriçe, 2030-njy ýylda geçiriljek Dünýä çempionatynyň ýer eýeleriniň hatarynda Marokkonyň hem bardygyny nazara alsaň, mundialdan hem syýahatçylyk babatda gowy netijä garaşyp bolar.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.