Instagram adamlardan bihabar düşürilen wideolary pozar

29.07.2026, 10:254,065

Meta sosial ulgamy akylly äýnekleriniň kömegi bilen gizlin düşürilen hem-de zorlamalary, paýyş oýunlary ýa-da adamlary yzarlaýan ýaly mazmuny saklaýan wideo ýazgylary pozup başlar. Bu barada Business Insider neşiri platformanyň ýolbaşçysy Adam Mosserä salgylanyp habar berýär.

Onuň sözlerine görä, adamlaryň razylygy bolmazdan olary wideo düşürmek üçin ulanýan mazmun pozular. Aýratyn hem, gürrüň pikap-pranklar (göçgünli oýunlar) we hyzmat ediş ulgamynyň işgärleri bilen baglanyşykly oýun wideo ýazgylary barada gidýär.

Business Insider-iň maglumatlaryna görä, awtorlaryň akylly äýneklerde kassaçylaryň, tiz tagam restoranlarynyň işgärleriniň we beýleki işgärleriň oýunly pursatlardaky reaksiýalaryny surata düşürýän wideo ýazgylary meşhur boldy. Şeýle hem pikapçylaryň sport zallarynda ýa-da köçelerde aýallar bilen tanyşlyk prosesini, köplenç olaryň habary bolmazdan ýazga alýan wideo ýazgylary ýaýradyldy.

Instagram-da şeýle mazmunyň adamlary yzarlamak ýa-da kemsitmek maksady bilen ulanylandygy üçin pozuljakdygyny mälim etdiler.

Copyright © 2026 TMCARS News. All rights reserved.