Raýan Gosling Marvel kinoälemine goşulýar. Marvel Studios-yň prezidenti Kewin Faýgi San-Diegodaky «Comic-Con» çäresinde aktýoryň täze filmde Arwah çaparyň (Ghost Rider) roluny ýerine ýetirjekdigini yglan etdi.

Täze solo filmiň režissýory hökmünde Şon Lewi çykyş eder, onuň çykjak wagty bolsa 2028-nji ýyla meýilleşdirildi.
Lewi eýýäm Marvel dünýäsi bilen gowy tanyş: onuň soňky «Dedpul we Rosomaha» filmi studiýanyň esasy blokbasterleriniň birine öwrülipdi. Mundan başga-da, režissýor we Gosling eýýäm bilelikde başga bir uly taslamanyň — «Ýyldyz söweşleri: Ýok ediji» («Star Wars: Starfighter») filminiň üstünde işleýär. Bu ýerde hem Lewi režissýor ornuny eýeledi, Gosling bolsa baş keşbi ýerine ýetirdi.
Arwah çaparyň ozalky kino görnüşi 2007-nji ýylda Sony-da Nikolas Keýjiň motosikl kaskadýory Jonni Bleýziň roluny ýerine ýetirmegi bilen çykypdy. Komiksleriň we şol filmiň sýužetine görä, Jonni kakasyny rak keselinden bejermek üçin janyny şeýtan Mefisto satýar. Mefisto ylalaşygy ýerine ýetirýär, ýöne kakasy barybir tötänleýin pajygaly heläkçiligiň netijesinde ýogalýar. Soňra Bleýz Ar Ruhy atly şeýtan bilen baglanyşykly bolýar we ýanyp duran skelet görnüşli baýkere öwrülmek ukybyny alýar.